Köplenç soralýan soraglar

Wabrum näme?

Wabrum - Türkmenistanda iň uly egin-eşik, aýakgap we aksessuarlar üçin elektron söwda platformasydyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden müňlerçe alyjy her gün biziň söwda söwda edýär.

Wabrum nähili işleýär?

Wabrum, Türkmenistandaky satyjylaryň öz haryt tekliplerini ýerleşdirýän we müşderilerden sargyt alýan, soňra bolsa Wabrum-yň eltip bermek hyzmaty Wabrum-yň Aşgabatdaky ammaryndan satyjynyň sargyt edilen harytlaryny alyp, müşderä gowşurýan söwda platformasy modeli boýunça işleýär.

Wabrumda satyjy hasabyny nähili açmaly?

Wabrum söwda platformasynda onlaýn dükan açyp söwda başlamak üçin şulary etmeli:

  1. Laýyk satyjy nyrhnamasyny saýlap, onlaýn ýüz tutma ibermeli;
  2. Ýüz tutmaňyzyň seredilmegini we menejerimiziň jaň etmegine garaşmaly;
  3. Menejerimiz bilen duşuşyp, gerekli şertnama gol çekmeli.

Satyjy hasabyny açmak üçin näçe wagt gerek?

Adatça, ýüz tutma iberilen pursatdan satyjy hasabynyň açylmagyna çenli 1 iş gününden köp wagt geçmeýär.

Türkmenistanyň haýsy sebitlerindäki satyjylar Wabrumda söwda başlap bilerler?

Ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki satyjylar Wabrum bilen hyzmatdaşlyga başlap bilerler.

Fiziki şahs (Telekeçiniň patenti bolmadyk) Wabrumda haryt satyp bilermi?

Hawa. Gerekli resminamalara gol çekip, satlyga çykarjak harytlaryňyzy Wabrum-yň ammaryna tabşyrmaňyz ýeterlidir.

Wabrum söwda platformasynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin satyjydan haýsy töleg alynýar?

Her Wabrum satyjysy, saýlanan nyrhnama laýyklykda, söwda platformasyny ulanmak üçin her aýda ammar kärende tölegi töleýär. Şeýle hem, biz her satylýan harytdan nyrhnamanyňyzda görkezilen goşmaça (komissiýa) tölegini hem alýarys.

Wabrum söwda platformasyndaky internet-dükanymy kim dolandyrýar, harytlary, galyndylary we bahalary kim gözegçilik edýär? Özüm ähli mazmunlary dolandyryp bilerinmi?

Her bir satyjy Wabrum söwda platformasyndaky öz elektron dükanyna doly jogapkärçilik çekýär. Siz öz harytlaryňyzy, mazmunlaryňyzy, aksiyalaryňyzy we bahalaryňyzy Şahsy satyjy otagy arkaly dolandyrarsyňyz. Wabrumdaky dükanýňyzy kompýuter hem-de mobil telefon arkaly dolandyrmak rahatdyr.

Sargydyň müşderime gowşurylmagyna kim jogap berýär?

Sargyt alynandan soň, Aşgabadyň çäklerinde ähli sargytlar biziň kurýerlerimiz tarapyndan gowşurylýar. Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde bolsa, siziň harydyňyz biziň hyzmatdaşymyz bolan "Türkmenpoçta" kurýer hyzmatyna gowşurylýar.

Müşderilere kim goldaw hyzmatyny ýerine ýetirýär?

Telefonda gepleşik ýa-da harydy yzyna gaýtarma/çalyşma ýaly esasy hyzmatlary Wabrum-yň müşderiler goldaw hünärmenleri ýerine ýetirýär.

Satyjalara tölegler nähili hasaplanýar?

Sargyt kabul edilende, Wabrum müşderiden pul alýar. Wabrum "Gowşurylan" statusly sargytlar üçin pullary Wabrumyň komissiýasyny aýyryp, satyjalara geçirýär. Tölegler türkmen manadynda, satyjynyň haýyşy boýunça, ýöne aýda 2 gezekden köp däl amala aşyrylýar. Satyjalara töleme görnüşi sargyt edijileriň töleme görnüşine baglydyr. Ýagny, bank karty bilen tölenen sargytlar üçin ähli tölegler satyjynyň hasaplaşyk hasabyna geçiriler, nagt alnan tölegler bolsa satyja şeýle hem nagt berilýär.

Men mazmunlary haýsy dilde döretmeli?

Wabrum 2 dilde (türkmen we rus) elýeterli bolansoň, dükanyňyz we harytlaryňyz baradaky maglumatlary hem şu 2 dilde goşmaly. Bu siziň potensial müşderileriňiziň auditoriyasyny ep-esli artdyrmaga kömek eder.

Wabrumda harytlarymy nähili mahabatlandyryp bilerin?

Wabrum söwda platformasynda dükanýňyzy öňe sürmek üçin dürli wariantlar göz öňünde tutulýar: aksiyalar döretmek, banner mahabaty, sowgat kuponlary we ş.m. Has jikme-jik maglumat üçin biziň müşderi goldaw hyzmatymyz bilen habarlaşyň.

Harytlary yzyna gaýtarmak prosesi nähili?

Türkmenistanyň "Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda" Kanuny laýyklykda, müşderiler satyn alan harytlaryny 15 günüň dowamynda yzyna gaýtaryp bilýärler. Eger yzyna gaýtarylýan haryt talaba laýyk bolsa, müşderi yzyna ugratmak üçin gerekli ýol tölegini töleýär. Eger haryt zawod şikesli bolsa, onda yzyna gaýtarmak ýol puluny harydyň satyşjysy töleýär.

Soraglar galdymy? Biz bilen habarlaşyň, size höwes bilen kömek bereris!