Wabrum onlaýn söwda platformasynyň ulanyş düzgünnamasy

1. Adalgalar we kesgitlemeler

1.1. Şu Düzgünnamada, eger mazmuny başgaça talap etmeýän bolsa, aşakdaky adalgalar şu manylary aňladýar we olaryň düzüm bölegi bolup durýar:

  • Söwda platformasyhttps://www.wabrum.com web-saýty we Wabrum mobil programmasy, potensial Müşderilere (sarp edijilere) niýetlenen harytlar barada maglumatlara elýeterliligi üpjün edýän hyzmat bolup durýar.
  • Söwda platformasynyň eýesi — Telekeçi Seýitmuhammedow Azat Myradowiç (şu Düzgünnamanyň tekstinde — Wabrum (Ýuridik salgy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, On ýyl Abadançylyk köçesi 137, Bellige alyş şahadatnamasy № 0227220, 23.06.2014ý., e-mail: sales@wabrum.com).
  • Müşderi — şu Düzgünnamanyň şertlerine laýyklykda Söwda platformasyny ulanýan islendik fiziki şahs.
  • Satyjy — harytlary satmak boýunça işi amala aşyrýan we Söwda platformasynda Harytlary ýerleşdirmek arkaly Müşderä Haryt satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmagy teklip edýän hususy telekeçi, ýuridik şahs ýa-da özbaşdak işleýän raýat.
  • Haryt — Müşderi bilen Satyjynyň arasynda baglaşylýan satyn almak-satmak şertnamasynyň predmeti. Satyjy satylýan Harydyň eýesi bolup durýar. Harydyň satyn alynmagy-satylmagy bilen baglanyşykly ähli gatnaşyklar Söwda platformasynda Haryt ýerleşdirýän Satyjy bilen Müşderiniň arasynda ýüze çykýar.
  • Şahsy otag — Söwda platformasynyň üçünji taraplara elýeterli bolmadyk şahsy bölümi bolup, Sargytlary we Hyzmatlary resmileşdirmek, şeýle hem şu Düzgünlere laýyklykda ýörite teklipleri almak üçin hyzmat edýär. Bu bölüme girmek hasaba alynandan soň Müşderiniň şahsyýetini tassyklaýan maglumatlary girizmek arkaly amala aşyrylýar.
  • Sargyt — Müşderiniň Harydyň eltip berilmegi boýunça hyzmat etmek şertnamasyny, şeýle hem Wabrum we/ýa-da beýleki Satyjy/Satyjylar bilen degişli Harydyň/Harytlaryň satyn alynmagy-satylmagy şertnamasyny/şertnamalaryny baglaşmaga gönükdirilen hereketleri, Söwda platformasynda görkezilen hyzmatlary we Harytlary sargyt etmek arkaly amala aşyrylýar.
  • Hyzmatlar — Wabrum tarapyndan Müşderä Söwda platformasynda Wabrumdan ýa-da beýleki Satyjylardan satyn alýan Harytlaryna degişlilikde hödürlenýän eltip bermek hyzmatlary.
  • "Gapa çenli" haryt eltip bermek — Müşderi tarapyndan görkezilen salga harydyň eltip berilmegi.
  • Aksion arzanladyş — belli bir Haryda berilýän arzanladyş. Arzanladyşyň möçberi Harydyň sahypasynda görkezilýär. Harydyň bahasy aksion arzanladyş hasaba alnyp görkezilýär.
  • Promokod boýunça arzanladyş — Müşderi Sargyt resmileşdirende Harytlaryň belli bir toparyna berilýän arzanladyş.
  • Promokod — Harytlaryň belli bir toparyna arzanladyş berýän we hereket ediş möhleti bolan ýörite kod. Promokodar awtomatiki ulanylýar. Bir haryt birligi üçin diňe bir promokod ulanylyp bilner.
  • Hemişelik Müşderiniň arzanladyşy — Söwda platformasy tarapyndan bellenilýän belli şertlerde Müşderä berilýän arzanladyş.

2. Umumy düzgünler

2.1. Söwda platformasyny ulanmak bilen, Müşderi şu Düzgünleriň şertleri bilen ylalaşýar.

2.2. Söwda platformasy Müşderä Harytlar barada maglumatlary gözlemek, Wabrumyň we beýleki Satyjylaryň haryt teklipleri bilen tanyşmak, haryt tekliplerini we maglumatlary almak (şol sanda gözleg netijeleri boýunça) mümkinçiligini, şeýle hem beýleki funksional mümkinçilikleri mugt berýär.

2.3. Wabrum Müşderä habar bermezden, öz erkine görä, çap etmek üçin synlary saýlap biler, şol sanda:

  • Söwda platformasyny ulanmak bilen islendik hasaba alnan Müşderi Söwda platformasynda ýerleşdirilen Harytlar barada syn ýazyp, Harytlara baha berip biler;
  • Müşderiniň synynyň ýanynda onuň Söwda platformasynyň Şahsy otagynda görkezilen ady çap ediler;
  • Söwda platformasynyň işiniň, onda satyn almalaryň amala aşyrylmagynyň temasyna degişli bolmadyk mazmuny bolan synlary çap etmez;
  • degişli harydyň hakyky ulanyş tejribesine degişli bolmadyk mazmuny bolan synlary çap etmez;
  • etiki taýdan çap edilmegi rugsat edilmeýän, şol sanda suratlar we şekiller bilen bilelikde, gödek leksikany, kemsidiji häsiýetli beýanlary öz içine alýan synlary çap etmez;
  • beýleki web-saýtlara salgylanmalary, üçünji taraplaryň şahsy maglumatlaryny öz içine alýan synlary, düşündirişleri çap etmez;
  • çap edilen syny islendik wagt aýyryp biler;
  • synlaryň haýsy möhlete çenli aktualdygyny we Söwda platformasynda haýsy möhlete çenli çap edilýändigini özbaşdak kesgitläp biler.

2.4. Müşderi özüniň Söwda platformasynda ýerleşdiren habarlaşmalarynyň we materiallarnyň Wabrum tarapyndan, şol sanda Wabrumyň beýleki hyzmatlarynda we programmalarynda, Internertdäki Wabrumyň serişdelerinde ýerleşdirilýän mahabat ýa-da marketing materiallarynda, şeýle hem beýleki Internetdäki serişdelerde we saýtlarda, umumy Söwda platformasyna ýa-da üçünji taraplaryň harytlaryna we hyzmatlaryna beýleki sarp edijileriň ünsüni çekmek üçin, habarlaşmanyň ýa-da materialyň awtory görkezilip (awtor hökmünde şunda Müşderiniň hasaba alnanda ýa-da Şahsy otagyndaky sazlamalarynda görkezilen ady görkeziler) ýa-da görkezilmän, şeýle habarlaşmalaryň we materiallaryň ulanylyşy barada hasabat bermek borjy bolmazdan, Müşderiden ýörite rugsat almak zerurlygy bolmazdan we awtorlyk haky tölemezden, bütin dünýä boýunça möhlet çäklendirmesiz, Wabruma şeýle habarlaşmalary we materiallary ulanmak hukugyny üçünji taraplara bermek hukugy bilen ulanylyp bilinjekdigi bilen ylalaşýar.

2.5. Müşderi özüniň galdyran synlarynyň we goýan bahalarynyň Wabrum tarapyndan Söwda platformasynda ýa-da üçünji taraplaryň saýtlarynda Müşderiden goşmaça razylyk almazdan çap edilip we ulanylyp bilinjekdigi bilen ylalaşýar. Şunda synlar we oňa goşulan suratlar "bolşy ýaly" awtoryň grammatikasy we punktuasiýasy saklanyp, Şahsy otagynda görkezilen Müşderiniň ady bilen çap edilýär we ulanylýar. Müşderi öz galdyran synlaryndaky maglumatlaryň dogrulygyna jogapkärçilik çekýär.

3. Saýtda hasaba alynmak

3.1. Söwda platformasynda Sargydy diňe hasaba alnan Müşderiler resmileşdirip bilerler, şunda Müşderi saýtda diňe 1 (bir) gezek hasaba alnyp biler, ýagny diňe bir Şahsy otaga eýe bolup biler.

3.2. Wabrum Müşderi tarapyndan hasaba alynmak üçin berilýän maglumatlaryň takyklygy we dogrulygy üçin jogapkärçilik çekmeýär.

3.3. Söwda platformasynda hasaba alnan Müşderi, Wabrumyň Şahsy otagynda görkezilen aragatnaşyk belgisine ugradylan giriş kody bolan SMS-i girizip, şahsy identifikasiýa alýar. Müşderiniň şahsy identifikasiýasy üçünji taraplaryň Müşderiniň adyndan ygtyýarsyz hereketleriniň öňüni almaga we goşmaça hyzmatlara elýeterliligi açmaga mümkinçilik berýär. Müşderiniň giriş koduny üçünji taraplara bermegi gadagan.

3.4. Müşderi giriş koduny, şeýle hem Şahsy otagyna girmek üçin maglumatlary üçünji taraplara beren ýagdaýynda, ähli mümkin bolan ýaramaz netijeler üçin jogapkärçilik çekýär.

4. Söwda platformasynda sargyt resmileşdirmek

4.1. Söwda platformasy Wabrumyň we beýleki Satyjylaryň Harytlaryny satmak, şeýle hem Wabrumyň görkezilen Harytlary Müşderilere eltip bermek hyzmatlary üçin niýetlenendir.

4.2. Söwda platformasynda Wabrum tarapyndan satylýan Harydy sargyt edip, Müşderi Haryt satyn almak-satmak şertnamasy çäklerinde Wabrum bilen şertnama gatnaşyklaryna girýär.

4.3. Söwda platformasynda beýleki Satyjylar tarapyndan satylýan Harydy sargyt edip, Müşderi satyn almak-satmak şertnamasy çäklerinde bu Harydy satýan Satyjy bilen gös-göni şertnama gatnaşyklaryna girýär. Harydyň eltip berilmegi, şeýle hem Söwda platformasynda satyn alynýan Haryt üçin Müşderilerden tölegiň kabul edilmegi Wabrum tarapyndan amala aşyrylýar.

4.4. Müşderi bilen Söwda platformasynda satyn alan Harydy üçin özara hasaplaşyklar Wabrum tarapyndan öz adyndan ýa-da gös-göni Satyjynyň tabşyrygy boýunça onuň adyndan amala aşyrylýar.

4.5. Müşderi Sargydy resmileşdirende harydyň satyjysy barada maglumat bilen tanyşyp biler.

4.6. Söwda platformasy arkaly Müşderi tarapyndan satyn alynýan islendik Harydyň eltip berilmegi Wabrum ýa-da onuň eltip bermek boýunça resmi hyzmatdaşlary tarapyndan amala aşyrylýar.

4.7. Sargydy amala aşyrmazdan öň, Müşderi Wabrumyň Hyzmatlaryny etmegiň ähli şertleri, şeýle hem Söwda platformasynda Harytlary satyn almagyň şertleri bilen tanyşmaga borçludyr. Şunda Harydyň ýa-da Hyzmatlaryň beýanynda goýberilen äşgär ýalňyşlyklar, şol sanda ýalňyş ýazgylar, hukuk taýdan borçlandyryjy bolup durmaýar.

4.8. Söwda platformasynda Sargydy resmileşdirmek, Müşderiniň Wabrumyň Harytlary eltip bermek hyzmatlaryny etmeginiň ähli möhüm şertleri we/ýa-da Wabrumyň ýa-da beýleki Satyjynyň Harydy satmagynyň möhüm şertleri bilen ylalaşandygyny aňladýar.

4.9. Müşderiniň baglaşýan Haryt satyn almak-satmak şertnamasynyň, şeýle hem eltip bermek hyzmatlary etmek şertnamasynyň möhüm şertleri Söwda platformasynda çap edilen Harydyň beýanynda, Sargydy resmileşdirmek görnüşinde berlen, şeýle hem şu Düzgünlerde görkezilýär.

4.10. Sargydy amala aşyrmak bilen, Müşderi Wabrumyň şertnamany ýerine ýetirmegi üçünji tarapa tabşyryp biljekdigi, emma onuň Müşderiniň öňünde ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçilik çekjekdigi bilen ylalaşýar.

4.11. Müşderi aşakdakylar bilen ylalaşýandygyny tassyklaýar:

hasaba alyş maglumatlary (şol sanda şahsy maglumatlar) ol tarapyndan meýletin görkezildi;

hasaba alyş maglumatlary (şol sanda şahsy maglumatlar) "Internet" torunda açyk aragatnaşyk kanallary boýunça elektron görnüşde geçirilýär;

hasaba alyş maglumatlary (şol sanda şahsy maglumatlar) şu Düzgünlerde görkezilen maksatlary amala aşyrmak üçin Wabruma geçirildi we şol bir maksatlar üçin üçünji taraplara berlip bilner;

hasaba alyş maglumatlary (şol sanda şahsy maglumatlar) Wabrum tarapyndan aragatnaşyk serişdeleri arkaly Müşderi bilen gös-göni aragatnaşyk saklamak arkaly harytlary we hyzmatlary öňe sürmek maksady bilen ulanylyp bilner;

hasaba alyş maglumatlary (şol sanda şahsy maglumatlar) Wabrum tarapyndan Türkmenistanyň "Mahabat hakynda" Kanunyna laýyklykda, şol sanda Internet arkaly, elektron aragatnaşyk torlary boýunça Müşderä mahabat we maglumat ibermek maksady bilen ulanylyp bilner;

kezzap hereketlerinden goşmaça goramak maksady bilen, Müşderi tarapyndan görkezilen hasaba alyş maglumatlary (şol sanda şahsy maglumatlar) Söwda platformasynda resmileşdirilen Sargytlar üçin töleg amallary geçirýän banka berlip bilner;

Müşderi tarapyndan onuň hasaba alyş maglumatlaryny (şol sanda şahsy maglumatlaryny) işlemäge berlen razylyk möhletsiz bolup durýar we Müşderi ýa-da onuň kanuny wekili tarapyndan Wabruma berlen ýazmaça arza arkaly yzyna alnyp bilner.

4.12. Sargydy amala aşyrmak bilen, Müşderi aşakdakylary tassyklaýar:

a) şu Düzgünleriň düzgünleri bilen doly tanyşdy;

b) şu Düzgünlere, şeýle hem Wabrum bilen Harytlary eltip bermek hyzmatlary etmek barada baglaşylýan şertnamanyň, şeýle hem Söwda platformasy arkaly Wabrum ýa-da beýleki Satyjy bilen Harytlary satyn almak-satmak şertnamasynyň predmetine we şertlerine doly düşünýär;

c) Wabrum bilen Harytlary eltip bermek hyzmatlary etmek barada baglaşylýan şertnamanyň, şeýle hem Söwda platformasy arkaly Wabrum ýa-da beýleki Satyjy bilen Harytlary satyn almak-satmak şertnamasynyň baglaşylmagy we ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly öz hereketleriniň manysyna we netijelerine doly düşünýär.

4.13. Söwda platformasynda sargydy resmileşdirmek bilen, Müşderi şulary almaga ylalaşýar: (a) Wabrumyň Müşderä iberip biljek elektron hatlaryny/push-habarlaryны; (b) Müşderi tarapyndan görkezilen telefon belgisine SMS-habarlary, şeýle hem (c) Ulanyjy tarapyndan görkezilen telefon belgisine Söwda platformasynyň işiniň hilini bahalandyrmak teklip edilýän jaň.

4.14. Wabrum Müşderi tarapyndan amala aşyrylan Sargytlaryň birnäçe gezek ýatyrylmagy ýagdaýynda, şeýle hem Müşderi tarapyndan şu Düzgünleriň bozulmagy ýagdaýynda, Müşderi üçin Sargydy amala aşyrmak mümkinçiligini petikläp biler.

5. Baha we töleg

5.1. Söwda platformasynda Sargydy resmileşdirmegiň aýrylmaz şerti Müşderiniň Wabrum bilen Söwda platformasynda ýerleşdirilen Harytlary eltip bermek hyzmatlary etmek şertnamasyny baglaşmagydyr.

5.2. Bir Sargydyň çäklerinde Müşderi tarapyndan birnäçe Satyjynyň Harytlaryny eltip bermek hyzmaty etmek şertnamasy, Müşderi tarapyndan saýlanan Harytlara degişlilikde birnäçe satyn almak-satmak şertnamasyny bir wagtda baglaşmak bilen baglaşylyp bilner. 1000 manatdan az möçberdäki sargyt resmileşdirilende gowşuryş hyzmaty Aşgabat boýunça 20 manat we Türkmenistanyň beýleki ilatly nokatlary boýunça 50 manat möçberinde tölenýär.

5.3. Sargyt edilen Harytlara eýeçilik hukugy Harydyň Müşderä hakyky geçirilmegi we soňky tarapyndan Harydyň doly bahasyny, şeýle hem Harydyň eltip berilmegi hyzmatyny tölemegi pursatyndan Müşderä geçýär. Onuň tötänleýin ýok bolmak ýa-da zaýalanmak howpy Harydyň Müşderä hakyky geçirilmegi pursatyndan Müşderä geçýär.

5.4. Harydyň bahalary Satyjylar tarapyndan kesgitlenýär, eltip bermek hyzmatynyň bahalary bolsa Wabrum tarapyndan birtaraplaýyn jedelsiz tertipde kesgitlenýär we Söwda platformasynda görkezilýär.

5.5. Harydyň bahasy Türkmenistanyň manadynda görkezilýär we goşulan baha üçin salgyt öz içine alýar.

5.6. Harydyň Gutarnykly Bahasy aşakdaky tertipde Harydyň Bahasyna arzanladyşlaryň yzygiderli täsiri bilen kesgitlenýär:

  • Aksion arzanladyş
  • Promokod boýunça arzanladyş
  • Hemişelik Müşderiniň arzanladyşy

5.7. Hemişelik Müşderiniň Arzanladyşyndan diňe Şahsy otag arkaly peýdalanyp bolýar. Munuň üçin Şahsy otagyň profilinde görkezilen öz hasap maglumatlary bilen Söwda platformasyna girip, sargytlary resmileşdirmeli. Hemişelik Müşderiniň Arzanladyşy belli bir Şahsy otaga baglanýar, sebäbi ol şonuň üsti bilen edilen satyn almalaryň esasynda hasaplanýar. Saýtda gaýtadan hasaba alnanda, satyn almalaryň taryhy we hemişelik Müşderiniň arzanladyşy köne Şahsy otagdan täzesine geçirilmeýär. Täze Şahsy otagdaky sargytlaryň statistikasy noldan ýöredilýär. Siz arzanladyşdan diňe ol döredilen Şahsy otag arkaly peýdalanyp bilersiňiz.

5.8. Söwda platformasynda Sargydy resmileşdirýän Müşderä Söwda platformasy tarapyndan göz öňünde tutulan usullara laýyklykda töleg usulyny saýlamak mümkinçiligi berilýär.

5.9. Eger Söwda platformasynda hödürlenen Harydy satyn almak-satmak şertnamasy Wabrum bilen däl-de, Söwda platformasynda Haryt barada teklip ýerleşdiren beýleki Satyjy bilen baglaşylýan bolsa, töleg degişli Satyjynyň tabşyrygy boýunça Harytlaryň tölegini kabul etmek babatda Wabrumyň hasabyna, ygtyýarly töleg kabul ediji ýa-da elektron pul serişdeleriniň operatory çekilip amala aşyrylýar we Satyjynyň wekili hökmünde tölegiň alyjysy bolup durýar.

5.10. Şu Düzgünleriň şertlerine laýyklykda elektron görnüşdäki çek Şahsy otagyň degişli bölümine iberilýär. Çekiň hödürlenýän geçiriş görnüşi bilen ylalaşylmadyk ýagdaýynda, Müşderi Sargydy resmileşdirýän pursatynda elektron poçta salgysy bermeli.

6. Taraplaryň hukuklary we borçlary

6.1. Wabrum borçlanýar:

  • Müşderiniň şahsy maglumatlaryny Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynda we Wabrumyň şahsy maglumatlaryň işlenilmegini guramak we howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky Syýasatynda bellenen tertipde işlemäge.
  • Müşderiniň şahsy maglumatlaryny işlemegiň maksadyna ýetilen ýagdaýynda, Wabrum şahsy maglumatlary işlemegi bes etmäge ýa-da onuň bes edilmegini üpjün etmäge (eger şahsy maglumatlaryň işlenilmegi Wabrumyň tabşyrygy boýunça hereket edýän başga adam tarapyndan amala aşyrylýan bolsa) we şahsy maglumatlary ýok etmäge ýa-da olaryň ýok edilmegini üpjün etmäge (eger şahsy maglumatlaryň işlenilmegi Wabrumyň tabşyrygy boýunça hereket edýän başga adam tarapyndan amala aşyrylýan bolsa) borçludyr, eger şertnamada, onuň tarapy, bähbitdar ýa-da kepil geçijisi Müşderi bolup durýan, Wabrum bilen Müşderiniň arasyndaky başga ylalaşykda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şahsy maglumatlary işlemegiň maksadyna ýetilen senesinden otuz günden gijä galman.
  • Müşderiniň öz şahsy maglumatlaryny işlemäge beren razylygy yzyna alnan ýagdaýynda, Wabrum olary işlemegi bes etmäge ýa-da şeýle işlemegiň bes edilmegini üpjün etmäge (eger şahsy maglumatlaryň işlenilmegi Wabrumyň tabşyrygy boýunça hereket edýän başga adam tarapyndan amala aşyrylýan bolsa) we şahsy maglumatlary işlemegiň maksatlary üçin şahsy maglumatlary saklamak mundan beýläk zerur bolmadyk ýagdaýynda, şahsy maglumatlary ýok etmäge ýa-da olaryň ýok edilmegini üpjün etmäge (eger şahsy maglumatlaryň işlenilmegi Wabrumyň tabşyrygy boýunça hereket edýän başga adam tarapyndan amala aşyrylýan bolsa) borçludyr, eger şertnamada, onuň tarapy, bähbitdar ýa-da kepil geçijisi Müşderi bolup durýan, Wabrum bilen Müşderiniň arasyndaky başga ylalaşykda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, görkezilen yzyna alyş gelip gowşan senesinden otuz günden gijä galman.

6.2. Wabrumyň hukugy bar:

  • Şu Düzgünleri birtaraplaýyn tertipde üýtgetmäge, olary https://wabrum.com internet salgysynda ýerleşýän Söwda platformasynda ýerleşdirmek arkaly. Ähli üýtgeşmeler çap edilenden soň dessine güýje girýär we şeýle çap edilen pursatyndan Müşderiniň dykgatyna ýetirildi diýlip hasap edilýär.
  • Müşderi bilen telefon gepleşiklerini ýazga geçirmäge. Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda, Wabrum borçlanýar: maglumata rugsatsyz girmek we/ýa-da ony Sargytlaryň ýerine ýetirilmegine gös-göni dahyly bolmadyk adamlara geçirmek synanyşyklarynyň öňüni almaga, şeýle faktlary öz wagtynda ýüze çykarmaga we bes etmäge.
  • Müşderi bilen ylalaşmazdan, Müşderiniň öňündäki borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça öz hukuklaryny we borçlaryny üçünji taraplara geçirmäge.
  • Wabrumyň sargyt edilen harydyň 100% öňünden tölegini Müşderiden talap etmäge haky bar. Wabrumyň şeýle tölegi bolmadyk ýagdaýynda Müşderä Sargydy resmileşdirmekden we Harydy eltip bermekden ýüz döndermäge haky bar.
  • Wabrum Harydy Müşderä "gapa çenli", şol sanda sargyt edilen Harydyň 100% öňünden tölegi bolmadyk ýagdaýynda, Müşderi tarapyndan sargydy resmileşdirende görkezilen salga eltip bermezlige haklydyr.
  • Nagt däl töleg usuly bilen edilen Sargydy resmileşdirilenden 10 minut geçenden soň töleg gelip gowuşmadyk ýagdaýynda ýatyrmaga.
  • Müşderä bir wagtda eltip berilýän Harydyň möçberini çäklendirmäge.
  • "Cookies" tehnologiýasyny ulanmaga. "Cookies" ýaşyryn maglumatlary öz içine almaýar we üçünji taraplara berilmeýär.
  • www.wabrum.com web-saýtynyň ulanyjysynyň IP-salgysy barada maglumat almaga. Bu maglumat ulanyjynyň şahsyýetini kesgitlemek üçin ulanylmaýar we üçünji taraplara berilmeýär.
  • Müşderä arzanladyşlar, aksiyalar, täze gelip gowuşmalar we ş.m. barada maglumat bilen mahabat-maglumat häsiýetli habarlary e-mail we sms-iberişler arkaly ugratmaga. Iberişleriň ýygylygyny Wabrum özbaşdak, birtaraplaýyn tertipde kesgitleýär.
  • Müşderi tarapyndan şu Düzgünleriň 6.3 bendi bozulan ýagdaýynda, Müşderiniň Sargydyny birtaraplaýyn tertipde ýatyrmaga.
  • Bir gün eltip bermek üçin sargyt edilýän harytlaryň möçberi boýunça çäklendirmeler girizmäge.
  • www.wabrum.com Söwda platformasynyň saýtynda ýerleşdirilen Aksiyalaryň şertlerini Müşderi bilen ylalaşmazdan, birtaraplaýyn tertipde üýtgetmäge, şeýle üýtgeşmeleri www.wabrum.com Söwda platformasynyň saýtynda ýerleşdirmek arkaly.
  • Öňünden tölenen sargydyň eltip berilmeginde Müşderiden sargydy almak üçin Müşderiniň şahsy otagynda görkezilen kody talap etmäge. Müşderi tarapyndan görkezilen kod berilmedik ýagdaýynda Müşderä harydy bermekden ýüz döndermäge.
  • Şu Düzgünleri yzyna çagyrmak Wabrum tarapyndan islendik wagt amala aşyrylyp bilner, ýöne bu Wabrumyň we Söwda platformasynda Harytlar ýerleşdirýän beýleki Satyjylaryň eýýäm baglaşylan şertnamalar boýunça borçnamalaryndan ýüz döndermek üçin esas bolup durmaýar.

6.3. Müşderi borçlanýar:

  • Şertnama baglaşylmazdan öň şu Düzgünleriň mazmuny we şertleri, Söwda platformasynda hödürlenýän Harytlaryň bahalary, şeýle hem Wabrumyň Harydy eltip bermek hyzmatyny etmegiň tertibi we şertleri bilen tanyşmaga.
  • Wabrumyň Müşderiniň öňündäki borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin soňky ony Müşderi hökmünde birmeňzeş kesgitleýän we oňa tölenilen Harydy eltip bermek üçin ýeterlik bolan ähli zerur maglumatlary habar bermäge.
  • Sargyt edilen Harydy we onuň eltip berilmegini şu Düzgünlere laýyklykda tölemäge.
  • Söwda platformasynda sargyt edilen Harydy telekeçilik maksatlary üçin ulanmazlyk.

6.4. Müşderiniň hukugy bar:

  • Müşderi e-mail we sms-iberişleri almakdan ýüz döndermäge haklydyr.

7. Harydy eltip bermek we yzyna gaýtarmak

7.1. Harydy Müşderä eltip bermek Taraplar tarapyndan Wabrumyň işgäri Sargydy tassyklan wagty ylalaşylan möhletlerde we şu Düzgünlerde beýan edilen şertlerde amala aşyrylýar. Eger Müşderi sargydy ylalaşylan möhletde almaýan bolsa, Wabrum Müşderä goşmaça habar bermezden sargydy ýatyrmaga haklydyr. Eger Sargyt öňünden tölenen bolsa, pul serişdeleri kanunçylykda bellenen möhletde Müşderä gaýtarylyp berilýär.

7.2. Sargyt Müşderi tarapyndan alnandan soň Harydyň möçberi, toplumy we görnüşi boýunça nägileliklere garalmaýar.

7.3. Harydy Müşderä eltip bermek Müşderi tarapyndan görkezilen ýere amala aşyrylýar. Eltip berme ýeri hökmünde Müşderi Türkmenistanyň çäklerinde islendik hasaba alnan salgy görkezip biler, bu ýagdaýda Harydyň eltip berilmegi "gapa çenli" amala aşyrylýar.

7.4. "Gapa çenli" eltip bermek Müşderi tarapyndan Sargytda görkezilen salga amala aşyrylyp bilner. Sargydy Müşderä bermek we Müşderiniň eltip bermegi amala aşyrýan Wabrumyň wekili bilen hasaplaşygy diňe jaýlaryň içinde mümkindir.

7.5. Sargyt edilen Harydy barlamak, şeýle hem Müşderiniň eltip bermegi amala aşyrýan Wabrumyň wekili bilen ähli özara hasaplaşyklary 20 minutdan köp bolmadyk wagtda amala aşyrylýar.

7.6. Wabrum Turkey satyjysynyň Harytlarynyň eltip berilmegi 30 senenama gününe çenli möhleti tutup biler, sebäbi harytlar Wabrumyň Stambuldaky (Türkiýe) ammaryndan eltilýär.

7.7. "Gapa çenli" eltip bermek:

  • Sargyt edilen pozisiýalar zawod gaplamada we aýdyň paketde gelýär. Sargydy eltip bermek ulag gaplamada amala aşyrylýar.
  • Sargydy doly töläninden soň Müşderi eltip bermegi amala aşyrýan Wabrumyň wekiliniň gatnaşmagynda gaplary açyp we Harydy bitewiligi, kemçiliginiň ýokdugy we dogry salynandygy babatda barlap biler.
  • Eger Müşderi harydyň bitewliginiň bozulandygyny, zawod kemçiligini ýa-da harydyň beýleki göze görünýän kemçiliklerini, şol sanda eltip berlen harydyň sargyt edilen haryt bilen gabat gelmeýändigini ýüze çykaran ýagdaýynda, Müşderi ýüze çykarylan kemçilik barada şahsy otagynda ýüzlenme arkaly habar berýär.

7.8. Müşderiniň Harytdan ýüz döndermegi ýagdaýynda Satyjy haryt yzyna gaýtarylan we degişli talap bildirilenden soň 10 günden gijä galman oňa pul möçberini gaýtaryp bermeli. Müşderi tarapyndan tölenen möçber Wabrumyň yzyna gaýtarylan harydy Müşderiden eltip bermek çykdajylaryndan başga gaýtarylyp berilmäge degişlidir.

7.9. Eger Müşderi görkezilen salga eltip berlen sargydy saklamak möhletiniň geçendigi barada push-habar alandan soň almadyk bolsa, şeýle sargyt talap edilmedik diýlip bellenilýär. Müşderi tarapyndan tölenen möçber yzyna gaýtarylan harydyň her birligi üçin 20 (ýigrimi) manat möçberde Wabrumyň eltip bermek çykdajylaryndan başga gaýtarylyp berilmäge degişlidir. Eltip bermek hyzmaty üçin tölenilen pul serişdeleri gaýtarylyp berilmeýär.

7.10. Satyjysy Wabrum bolan Harydy yzyna gaýtarmak Müşderiniň saýlowy boýunça Wabrumyň wekilini Müşderi tarapyndan görkezilen salga çagyrmak arkaly amala aşyrylýar.

7.11. Satyjysy Wabrum bolan harytlar boýunça ähli nägilelikleri Müşderiler sales@wabrum.com elektron poçta salgysy ýa-da 744036, Aşgabat şäheri, Oňýyl Abadançylyk köçesi 137 salgysy boýunça tabşyrykly hat bilen ugratmaly. Nägileligiň elektron poçta arkaly ugradylmagy ýagdaýynda, Müşderi şeýle nägilelige jogaby hem elektron görnüşinde almaga razylyk berýär.

7.12. Eger Wabrum Harydyň satyjysy bolmasa, Müşderi şahsy otagynda ýüzlenme döredip ýa-da gös-göni degişli satyja ýüz tutup biler.

8. Ýeňip geçip bolmajak güýjüň ýagdaýlary

8.1. Wabrum şu Düzgünlere laýyklykda öz borçnamalarynyň doly ýa-da bölekleýin ýerine ýetirilmezligi üçin jogapkärçilikden boşadylýar, eger bu ýerine ýetirilmezlik Müşderi tarapyndan şu Düzgünleriň şertleri kabul edilenden soň ýüze çykan ýeňip geçip bolmajak güýjüň ýagdaýlary sebäpli bolsa. "Ýeňip geçip bolmajak güýjüň ýagdaýlary" elýeterli serişdeler bilen öňüni alyp ýa-da çaklamak mümkin bolmadyk adatdan daşary wakalar ýa-da ýagdaýlar diýmegi aňladýar. Şeýle adatdan daşary wakalar ýa-da ýagdaýlar, hususan-da, özüne şulary öz içine alýar: ýowuz çykma hereketleri, suw joşmalary, ýangynlar, ýer titremeleri we beýleki tebigy betbagtçylyklar, uruşlar, harby hereketler, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň hereketleri, şeýle hem akylly-başly gözegçilikden daşarda bolan islendik beýleki ýagdaýlar.