Harydy yzyna gaýtarmak düzgünnamasy

Talaba laýyk hilli harytlary yzyna gaýtarmak

Harytlary yzyna gaýtarmak möhleti

Talaba laýyk hilli harytlary yzyna gaýtarmak möhleti haryt alnan gününden başlap 10 gün, eger haryt satyn alnanda başga şert ylalaşylmadyk bolsa.

Müşderiniň satyn alan harytlary yzyna gaýtarmagynyň sebäpleri şular bolup biler:

  • Ölçegi, biçüwi, reňki, uzynlygy we ş.m. gabat gelmedi.
  • Alnan harydyň reňk öwüşgini saýtdaky suratdaky nusganyň reňk öwüşgininden tapawutlanýar.

Üns beriň! Haryt diňe doly toplumda, ähli gaplary, bellikler we ýelmeşdirilen kagyzlary (birkalary) bilen, geýilmedik/ulanylmadyk görnüşde yzyna kabul edilýändir. Arassaçylyk kadalaryna görä, içki eşikleri (erkek, aýal, çaga) yzyna gaýtarmak we çalyşmak mümkin däldir.


Talaba laýyk hilli harytlar iki usul bilen yzyna gaýtarylýar:

  • Aşgabatdaky Wabrum ammaryna özbaşdak eltip bermek;
  • Wabrum kurýeryny çagyrmak (Aşgabat boýunça) ýa-da "Türkmenpoçta" kurýeryny çagyrmak (bu hyzmat çaparçylyk hyzmaty bar bolan şäherleriň ýaşaýjylaryna hödürlenýändir). Kurýery çagyrmak üçin töleg müşderi tarapyndan amala aşyrylýandyr.

Talaba laýyk däl (brak) hilli harytlary yzyna gaýtarmak

Harytlary yzyna gaýtarmak möhleti

Müşderiniň satyn alan harytlary yzyna gaýtarmagynyň sebäbi harydyň önümçilik kemçiligi (brak) bolup biler. Müşderi öndüriji tarapyndan bellenen kepillik möhletiniň dowamynda şeýle harydyň yzyna gaýtarylmagy barada talap bilen ýüz tutup biler. Eger öndüriji tarapyndan haryt üçin kepillik möhleti bellenmedik bolsa, şeýle harydyň yzyna gaýtarylmagy üçin möhlet 2 (iki) aýdyr.

Talaba laýyk däl hilli harytlary yzyna gaýtarmak şu usul bilen amala aşyrylýar:

  • Harydyň yzyna gaýtarylmagy Şahsy otagda ýüzlenme doldurmak arkaly amala aşyrylýar.
  • Ýüzlenmä seretmek möhleti 5 (bäş) iş gününden geçmeýär.
  • Eger ýüzlenmä seredilmeginiň netijesi boýunça Satyjy tarapyndan oňyn çözgüt kabul edilen bolsa, müşderi harytlary ýokarda görkezilen usullaryň biri bilen yzyna gaýtarmak üçin Wabrum ammaryna geçirip biler.
  • Ýüzlenme ret edilen ýagdaýynda, satyn alyjy garaşsyz bilermene ýüz tutmaga haklydyr. Eger garaşsyz bilermen satyn alyjynyň harydyň yzyna gaýtarylmagyna bolan hukugyny tassyklasa, müşderiniň garaşsyz bilermen barlagynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly ähli çykdajylary Satyjy tarapyndan öwezi dolunmaga degişlidir.

* Şu düzgünler maslahat häsiýetli bolup, müşderini Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynda göz öňünde tutulan, Satyja bildiriljek talaplar bilen baglanyşykly hukuklarynda çäklendirmeýär.