+99312483555 +99362367328 Her gün: 10:00-20:00
Email support@wabrum.com
Salgy
Erkek we çagalar köýneklerini öndürýän iň uly “işeniş” 30 sany täze modeli hödürledi. Mundan başga-da, dizaýnerler 2021-nji ýyldaky tendensiýalary göz öňünde tutup, kolleksiýanyň beýleki pozisiýalaryny täzelediler.
Bu ýyl moda dizaýnerleri adaty eşiklere aýratyn stil berýän jikme-jikliklere ünsi jemlediler. Şeýlelik bilen, köýnek tikilende, keşdeler, özboluşly goýmalar, üýtgeşik ýakalar, ýama jübüler ulanylýar.
Işeniş önümlerine Türkmen bazarynda isleg bildirilýär. Şeýlelikde, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde kompaniýa 2 million manatdan gowrak önüm satdy. Tikinçilikde Ruhabat dokma fabrigi (Aşgabat) tarapyndan üpjün edilýän dürli reňkli matalaryň 30-a golaý görnüşi ulanylýar.
Önümleriň satuwy 6 markaly dükanda (ikisi Türkmenistanyň paýtagtynda ýerleşýär), şeýle hem ykjam programma arkaly onlaýn ýagdaýda amala aşyrylýar.
Çeşme: www.arzuw.news
© 2018 - 2024 WABRUM. Türkmenistanyň onlaýn söwda merkezi.