Sargydyňyzy Türkmenistanyň islendik nokadyna tiz eltip bereris
Ähli sargytlar Aşgabadyň çäginde öz kurýerlarymyz bilen, Türkmenistanyň beýleki ilatly nokatlaryna-da "Türkmenpoçta" milli poçta operatorymyzyň çaparçylyk hyzmatynyň kömegi bilen eltip berilýändir.
Ähli sargytlar Aşgabatda 24 sagadyň dowamynda, Türkmenistanyň beýleki nokatlaryna bolsa 72 sagadyň dowamynda eltip berilýär.
ÜNS BERIŇ: 1000 manatdan ýokary sargytlaryň hemmesi Aşgabadyň çäginde tölegsiz eltip berilýändir!
Sargyt kabul edileninden soň, kurýer size 2 gowşuryş belligini (çegini) berer, biriniň ýüzünde degişli ýerinde gol çekip sargydy kabul edenligiňizi tassyklamaly bolarsyňyz. Ondan soň, kurýer size bir hasap-faktura goýup, birini özi bilen alyp gider.
Harytlaryň yzyna gaýtarylmagy diňe önümleriň kemçilikleri bolan ýagdaýynda mümkindir. Şonuň üçin sargydyňyzy kabul edeniňizden soň harytlaryň kemçiliklerini barlamaly we diňe barlanyňyzdan soň gowşuryş belligine gol çekmelidir, şeýlelik bilen harytlarda kemçilikleriň ýokdugyny tassykladygyňyz bolar. Arassaçylyk pikirleri sebäpli içki eşikleriň (erkekleriň, aýallaryň, çagalaryň) gaýdyp gelmegi we çalşylmagy mümkin däldir.