Nädip sargyt etmeli
Wabrum-da sargyt etmek üçin, birnäçe ýönekeý ädimi ýerine ýetirmeli:
1. Halan harytlaryňyzy saýlaň we "Sebede" goşuň
Halan harydyňyzyň sahypasynda "Sebede goş" düwmesine basyň.
2. Harytlary saýlap bolanyňyzdan soň, "Sebede" geçiň
Sargydyňyzy dowam etmek üçin "Sebede" geçmegiňiz gereklidir. Munuň üçin kompýuteriňiziň ekranynyň sag ýokarky burçundaky ýa-da telefonyňyzyň ekranynyň aşaky bölegindäki "Sebet" nyşanyna kursory gönükdiriň we "Sebet" düwmesine basyň.
3. Sargydyňyzy barlaň
"Sebet" bölüminde sargydyňyzy ýene bir gezek gözden geçiriň, zerur bolsa harydyň mukdaryny üýtgediň ýa-da sargyt etmekden pikiriňizi üýtgeden bolsaňyz, harytlary aýryň. Sargydyňyzy dowam etmek üçin "Sargyt et" düwmesine basyň.
4. Aragatnaşyk maglumatlaryňyzy giriziň
Indiki ädimde aragatnaşyk maglumatlaryňyzy we sargydyň eltip berilmeli salgysyny görkezmeli.
5. Sargydyň tassyklanmagy
Sargyt baradaky ähli maglumatlary ýene bir gezek barlaň, zerur bolsa sargyt barada teswir goşuň we "Sargyt et" düwmesine basyň.
Gutlaýarys! Siziň sargydyňyz üstünlikli kabul edildi.
Üns beriň: saýtda hasaba alynanyňyzdan soň, şahsy we aragatnaşyk maglumatlaryňyzy her gezek girizmeli dälsiňiz. Sistemaň özi öň doldurylan ähli öýjükleri awtomatiki usulda doldurar.
ÇALT SARGYT
Saýtda "Çalt sargyt" (saýtda hasaba alynmazdan sargyt etmek) mümkinçiligi göz öňünde tutulan. "Çalt sargyt" funksiýasyny ulanmak üçin, diňe telefon belgiňizi degişli öýjüge ýazyň we sargyt sahypasynda "1 basyşda sargyt" düwmesine basyň.
Gutlaýarys! Siziň sargydyňyz üstünlikli kabul edildi.
Üns beriň: Wabrum.com-da hasaba alynmak hökmany bolmasa-da, size az wagt sabyr edip, ýönekeý hasaba alyş prosedurasyny bir gezek geçmegiňizi maslahat berýäris. Hasaba alnan ulanyjylarda köp sanly artykmaçlyklar döreýär: ähli sargytlaryň taryhy bilen şahsy hasap, aksiýalara gatnaşmak mümkinçiligi, ýygnanýan bonusly hyzmatdaş maksatnamalaryna gatnaşmak we ş.m.
Sargydy ýatyrmak we üýtgetmek
Islendik sargyt ony tamamlandan soň 30 minut içinde doly ýa-da bölekleýin ýatyrylp ýa-da üýtgedilip bilner. Bu wagt geçenden soň, sargyt ýatyrylyp ýa-da üýtgedilip bilinmez.
Sargydyňyzy ýatyrmak ýa-da üýtgetmek üçin, Wabrum müşderi goldaw hyzmaty bilen islendik amatly usul arkaly habarlaşyň.