Wabrum söwda platformasynda haryt satmak Düzgünnamasy

  1. Şu saýtda ýerleşdirilen harytlar diňe şahsy sarp etmek üçin niýetlenendir.
  2. Sarp edijileriň hukuklary Türkmenistanyň "Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda" Kanuny bilen goralýar.
  3. Satyjy bilen söwda meýdançasynyň arasyndaky kepillik şertnamasy Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 13-nji Babynyň esasynda baglaşylýar.
  4. Onlaýn söwdanyň beýleki düzgünleri Türkmenistanyň "Söwda işi hakynda" Kanuny we Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2020-nji ýylyň 14-nji iýulyndaky buýrugy bilen tassyklanan hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 3-nji awgustynda 1367-nji bellige alyş belgisi bilen hasaba alnan "Harytlary uzakdan satmagyň Düzgünleri" bilen düzgünleşdirilýär.
  5. Sargytlar Telekeçi Seýitmuhamedow A.M. (23.06.2014ý. № 0227220 Bellige alyş şahadatnamasy) degişli bolan www.wabrum.com internet-saýty arkaly emele getirilýär.