ASMAN Türkmenistanda Täze ýyl ýygyndysyny hödürledi

Dekabr 30, 2021

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda "ASMAN" moda öýi Türkmenistanyň ähli modaçylaryna sowgat berdi - täze "SAZLAŞYK" ýygyndysyny hödürledi. Türkmen dizaýnerleri owadan aýallaryň gözelligini we nepisligini nygtajak 16 sany resmi aýal eşik taýýarladylar.

Täze kolleksiýanyň gyzykly aýratynlygy 2 esasy reňkiň ulanylmagy, şeýle hem mahmal we şantu matasynyň adaty bolmadyk utgaşmasydyr. Däp bolşy ýaly, ASMAN önümleri aýratyn nagyşlar bilen bezelýär. "SAZLAŞYK" modelleri, elbetde, nusgawy we häzirki tendensiýalary birleşdirmegi makul bilýän, owadan we ajaýyp görünmek isleýän aýal-gyzlary özüne çeker.

Moda sergisi Asman sosial ulgamlarynda, şeýle hem asman.website saýtynda görkezildi.

Çeşme: www.arzuw.news

Photo: tstb.gov.tm