Baş sahypa/Wabrum söwda platformasynda haryt satmak Düzgünnamasy
Wabrum söwda platformasynda haryt satmak Düzgünnamasy
- Şu saýtda ýerleşdirilen harytlar diňe şahsy sarp etmek üçin niýetlenendir.
- Sarp edijileriň hukuklary Türkmenistanyň "Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda" Kanuny bilen goralýar.
- Satyjy bilen söwda meýdançasynyň arasyndaky kepillik şertnamasy Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 13-nji Babynyň esasynda baglaşylýar.
- Onlaýn söwdanyň beýleki düzgünleri Türkmenistanyň "Söwda işi hakynda" Kanuny we Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2020-nji ýylyň 14-nji iýulyndaky buýrugy bilen tassyklanan hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 3-nji awgustynda 1367-nji bellige alyş belgisi bilen hasaba alnan "Harytlary uzakdan satmagyň Düzgünleri" bilen düzgünleşdirilýär.
- Sargytlar Telekeçi Seýitmuhamedow A.M. (23.06.2014ý. № 0227220 Bellige alyş şahadatnamasy) degişli bolan www.wabrum.com internet-saýty arkaly emele getirilýär.